Bu täze Tor Browser çykarylyş, ulanyjylara onion hyzmatlaryna düşünmäge kömek edýär.

Tor onion routing , internetde ahyrky anonim aragatnaşygy üpjün etmegiň iň gowy usuly bolup durýar. Onion hyzmatlar (.onion salgylar) bilen, web sahypasynyň dolandyryjylary ulanyjylaryna metadatasyz ýa-da metadataly islendik nätanyş tarapdan gizleýän näbelli birikmeler bilen üpjün edip bilerler. Onion services, ulanyjylara şahsy durmuşyny we şahsyýetini goramak bilen bir hatarda senzuradan geçmäge mümkinçilik berýän az sanly tehnologiýalaryn biridir.

Tor Browser-iniň ulanyjylary ilkinji gezek web sahypalarynda elýeterli bolanda, onion saýtlaryny awtomatiki ulanmak üçin saýlap bilerler. Birnäçe ýyl bäri käbir web sahypalary alternatiw hyzmatlar bilen onion hyzmatlaryny göze görünmeýän görnüşde ulanýarlar we bu ajaýyp saýlaw bolmagyny dowam etdirýär. Indi, ulanyjylarynyň arada bilmegini isleýän web sahypalary, .onion address ulanmak üçin ýazylmaga çagyryp bilerler.

Näme täzelik?

Onion Ýerleşýän Ýeri

Web sahypasyny neşir edýänler, indi HTTP sözbaşysyny goşup, Tor ulanyjylaryna onion hyzmatyny mahabatlandyryp bilerler. Tor Browser-iniň üsti bilen .onion salgysy we Onion ýerleşýän ýeri bolan web sahypasyna gireniňizde, ulanyjylara saýtyň onion hyzmaty wersiýasy barada soralar we ilkinji gezek ulanylanda onion hyzmatyna täzelenmegi saýlamaly bolarlar.

Tor Browser 9.5 Onion Ýerleşýän ýeri


Öndüriji bolsaňyz, onion hyzmatyňyzda onion ýerini nädip açmalydygyny öwreniň.


Onion Tassyklaýyş

Sahypalaryna goşmaça howpsuzlyk gatlagyny goşmak isleýän onion hyzmat dolandyryjylary, giriş gözegçiligi we kesgitlemek üçin jübüt açar gurup bilerler.

Tor Browser 9.5 Onion Tassyklaýjy

Tor Browser ulanyjylary açarlary saklap we dolandyrmak üçin: Onion Services Authentication bölüminde, saýlamalar#gizlinlik.

Tor Browser 9.5 Onion Tassyklaýjy


Siz deweloper bolsaňyz, nädip onion hyzmatyny müşderi tassyklamasy arkaly goramalydygyny öwreniň


Gowulandyrylan URL salgy Howpsuzlyk Görkezijileri

Brauzerler adatça ýaşyl gulp şekiljigi bilen ygtybarly transport protokolynyň üsti bilen iberilýän saýtlary görkezýärler. 2019-njy ýylyň ortalarynda, öňki ýaşyl gulp şekiljigi, asyl (ygtybarly) birikme ýagdaýyny ünsi çekmek we bozulan ýa-da ygtybarly birikmelere has köp üns bermek maksady bilen çal reňkde boldy. “Firefox” we “Chrome” ýaly esasy brauzerler, iki ulanyjy üçin tanyş tejribe toplasalar, ähli ulanyjy bazasyna peýdaly boljakdygyna düşündiler. Firefox-yň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek kararyna geldik we ulanyjylara girýän sahypasynyň howpsuz däldigine düşünmek aňsat bolar ýaly Tor Browser-iniň howpsuzlyk görkezijilerini täzeledik.

Tor Browser 9.5 URL Salgy Howpsuzlygy Görkezijileri

Onion hyzmatlary üçin näsazlyk sahypalary

Käwagt ulanyjylara onion saýtlaryna baglanmak kyn bolýar. Tor Browser-iniň öňki wersiýalarynda, bir onion hyzmatyna birikmekde näsazlyk ýüze çykanda, ulanyjylara näme üçin onion saýtyna birigip bilmeýändikleri barada hiç hili maglumat berilmeýärdi, diňeje adaty Firefox ýalňyş habary berilýärdi.

In this release, we have improved the way Tor Browser communicates with users about service-, client-, and network-side errors that might happen when they are trying to visit an onion service. Tor Browser indi ýönekeýleşdirilen birikme diagrammasyny we ýalňyşlygyň nirede ýüze çykandygyny görkezýär. Bu habarlaryň gaty jikme-jik bolmazdan, has hem düşnükli we maglumatly bolmagyny isleýäris.

Tor Browser 9.5 Onion saýtlarynda näsazlyk sahypalary

Onion Atlary

Kriptografiki goraglar sebäpli, onion hyzmat URL-lerini ýatda saklamak aňsat däl (mysal üçin, https://torproject.org vs. http://expyuzz4wqqyqhjn.onion/). Bu, ulanyjylara bir sogan saýtyny tapmagy ýa-da açmagy kynlaşdyrýar. Döredijileriň bu meselä dürli usullar bilen çemeleşýändiklerini, köplenç öz hyzmatlaryna mahsus çözgütleri taýýarlaýandyklaryny gördük. Ahli ulanyjy toparlarymyz üçin ajaýyp işleýän çözgüdiň ýokdugyny göz öňünde tutup, bu meselä giň nukdaýnazardan çemeleşdik. Bu neşir üçin, metbugat azatlygy gaznasy (FPF) we Elektron serhet gaznasynyň HTTPS Everywhere bilen hemme ýerde SecureDrop onion hyzmatlarynyň salgylary üçin adam ýatda saklaýan atlary döretmek üçin hyzmatdaşlyk etdik:

The Intercept:
    theintercept.securedrop.tor.onion
    http://xpxduj55x2j27l2qytu2tcetykyfxbjbafin3x4i3ywddzphkbrd3jyd.onion
Lucy Parsons Laboratoriýalary:
    lucyparsonslabs.securedrop.tor.onion
    http://qn4qfeeslglmwxgb.onion

Metbugat Azatlygy Gaznasy gatnaşmak üçin az sanly goşmaça metbugat guramasyna ýüz tutdy we Tor we FPF bu başlangyç subutnama baradaky pikirleriň esasynda indiki ädimleri bilelikde gözden geçirerler.

Tor Browser 9.5 Onion Atlar

Seslenme Ber

Bir näsazlyk tapsaňyz ýa-da bu çykyndyny nädip gowulandyryp boljakdygy barada teklip bar bolsa haýyş bize habar beriň. Tor toparlaryň hemmesine we bu çykyndyň çykmasyna goşant goşan köp meýletinçilere sag bolsun aýdýarys.

Kömek gerekmi?

Jemgyýet üçin ýygy-ýygydan soralýan soraglara serediň

Goldaw bolümine serediň

Habarlaşyň

Biziň bilen göni çatlaşyň!

IRC-de bize goşulyň